Ýewropanyň Merkezi banky geçen ýyl 1,6 milliard ýewro girdeji gazandy

Ýewropanyň Merkezi bankynyň 2018-nji ýyldaky girdejisi iş ýüzüne geçiren pul ekspansiýasy maksatnamasyndaky güýçli weksel portfeliniň täsiri bilen 301 millon ýewro ýokarlap, 1,6 milliard ýewro barabar boldy

Ýewropanyň Merkezi banky geçen ýyl 1,6 milliard ýewro girdeji gazandy

Bankdan berilen beýannama görä bankyň balansynyn jemi ululygy geçen ýyl öňki ýyl bilen deňeşdirilende 8 göterim ýokarlap, 447 milliard ýewro ýetdi.

Bankyň girdejisi bolsa degişli döwürde 1 milliard 575 million ýewro deň boldy.

Bankyň 2018-nji ýylda göterimden gazanan gitdejisi 2 milliard 277 million ýewro deň bolan bolsa, işgärleri üçin sarp eden mukdar 535 millin ýewrodan 515 million ýewro düşdi.

Bankyň girdejisi Ýewro giňişligine girýän merkezi banklaryň arasynda bölüşiler.

 



Degişli Habarlar