Sabiha Gökçen howa menziliniň ýolagçylarynyň sany 9 göterim artdy

2018-nji ýylda Stambulyň halkara Sabiha Gökçen howa menziline 34 million 58 müň 914 ýolagçy geldi

1126208
Sabiha Gökçen howa menziliniň ýolagçylarynyň sany 9 göterim artdy

 

Stambulyň halkara Sabiha Gökçen howa menziline gelen ýolagçylaryň sany 2018-nji ýylda 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9 göterim artyp 34 million 58 müň 917 adama ýetdi.

Mesele hakynda Sabiha Gökçen howa menzili tarapyndan berlen beýanata görä, ýolagçy sany taýdan Türkiýäniň iň uly ikinji, Ýewropanyň 13-nji howa menzili bolan Stambulyň Sabiha Gökçen howa menziline gelen ýolagçy sany 2018-nji ýylda 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9 göterim artyp 34 million 58 müň 917 adama ýetdi.

Sabiha Gökçen howa menzilinden daşary ýurtlara uçan ýolagçylaryň sany 2018-nji ýylda 13 göterim artyp 11 million 671 müň 870 adama, içerki uçuşlardaky ýolagçy sany bolsa 7 göterim artyp 22 million 387 müň 47 adama ýetdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar