Hytaý bilen ABŞ-nyň wekiliýetleri Pekindäki söwda gepleşiklerini geçirip gutardy

İki günlük gepleşikler üç gün dowam etdi

1122366
Hytaý bilen ABŞ-nyň wekiliýetleri Pekindäki söwda gepleşiklerini geçirip gutardy

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat Sekretary Lu Kang metbugat ýygnagynda Amerikan wekiliýeti bilen geçirilen söwda gepleşikleriniň tamamlanandygyny, netijeler barada maglumat beriljekdigini aýtdy.

İki gün hökmünde meýilleşdirilen söwda gepleşikleriniň üç güne uzamagynyň taraplaryň meselä içgin çemeleşýändigini görkezýändigini aýdan Lu, netije gowy çykan halatynda onuň hem iki ýurt hem-de dünýä üçin bähbitli boljakdygyny beýan etdi.

Ministrleriň orunbasarlary derejesinde meýilleşdirilip, duşenbe güni Pekinde başlan we şu gün tamamlanan gepleşiklere Hytaýyň Wise-premýeri Liu Hynyň we Söwda ministri Jong Şanyň gatnaşandygyny görkezýän wideo ýazgylar ýaradylypdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we Hytaýyň döwlet Başlygy Si Sizinpin Argentinanyň paýtagty Boýnes Aýresde geçirilen G20-niň maslahatynda geçiren duşuşygynda ýurtlarynyň arasynda dowam edýän söwda dartgynlygynyň goşmaça tarifler bilen möwjemeginiň öňüni almak üçin 90 günlük “ylalaşyk” gazanypdy.

 



Degişli Habarlar