Türk işewür adamy ABŞ-da “ýylyň iň gowy işewür adamy” baýragyny aldy

Ozan Baran ABŞ-nyň Maýami şäherinde “ýylyň iň gowy işewür adamy” baýragyna laýyk görüldi

1089753
Türk işewür adamy ABŞ-da “ýylyň iň gowy işewür adamy” baýragyny aldy

 

Türk işewür adamy Ozan Baran ABŞ-nyň Maýami şäherinde “ýylyň iň gowy işewür adamy” baýragyna laýyk görüldi.

Florida ştatynyň Maýami şäherinde 300 adamyň gatnaşmagynda geçirlen dabarada baýragyň simwoly bolan açar Ozan Barana gowşuryldy.

Şäher häkimi Karlos A. Gimnez dabarada eden çykyşynda “Maýami Synchronicity baýragyny ilkinji bir türk we musulman aldy. Sizi we işdeş ýoldaşlaryňyzy gutlaýaryn we işleriňizde rowaçlyk arzuw edýärin” diýdi.

Dabara Türkiýäniň Maýamidäki Baş konsuly Burç Jeýlan bilen Ozan Baraniň aýaly Süreýýa Ýalçyn Baran hem gatnaşdy.

1999-njy ýylda ABŞ-na giden Ozan Baran, 2005-nji ýylda ilkinji ýük daşaýan firmasyny gurandygyny aýtdy.

 

 

 

 


Etiketkalar: #işewür adam , #baýrak , #ABŞ

Degişli Habarlar