Türkiýä gelýän ýapon syýahatçylarynyň sany üstümizdäki ýyl 90 göterime golaý artdy

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nury Ersoý, Türkiýä gelýän ýapon syýahatçylarynyň sanynyn üstümizdäki ýyl  90 göterime golaý artandygyny aýtdy

1087620
Türkiýä gelýän ýapon syýahatçylarynyň sany üstümizdäki ýyl 90 göterime golaý artdy

Paýtagt Ankarada 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän Ýapon festiwalynyň çäginde ýapon aşhanasy tanyşdyryldy.

Ýaponiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akio Miýažimanyň ýolbaşçylygynda geçirlen çärä Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Ersoý bilen birlikde köp sanly myhman gatnaşdy.

Ministr Ersoý çarede eden çykyşynda Ýaponiýa bilen Türkiýäniň arasyndaki dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanýandgyny belledi.

Ersoý Ýaponiýada türk medeniýetinin tanyşdyrylmagy üçin işe girişilendigini aýtdy.

Ersoý 2019-njy ýylyn Ýaponiýada “Türkiýe ýyly” hökmünde bellenilip geçiriljekdigini we şol medeniýet ýylynyň Türkiýäniň tanyşdyrylmagy üçin uly pursatdygyny ýatlatdy.

Ministr Erdogan Türk medeniýet ýylynyn çäginde Topkapy muzeýinde sergilenýän eserlerin 2019-njy ýylda Ýaponiýada birnäçe şäherde sergisiniň açyljakdygyny belledi.

Ýaponiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akio Miýažima hem Ankarada geçirilýän Ýaponiýa festiwalyna 10 müň adamyn gatnaşandygyny aýtdy.

Ýapon medeni çarelerini geçirmäge dowam etjekdiklerini aýdan ilçi, G-20-niň liderler maslahatynyň hem iýun aýynda ýurdunda geçiriljekdigini ýatlatdy.

Ýapon ilçisi Prezident R. T. Erdoganyň  üstümizdäki ýyl iki gezek Ýaponiýa gitmegine garaşylýandygyny belledi.


Etiketkalar: #ýapon , #syýahatçy

Degişli Habarlar