Saud Arabystany Pakistana 3 milliard dollar karz berer
Saudy hökümeti Pakistana 3 milliard dollarlyk karz berer
Pakistanda häkimiýetiň başyndaky Pakistan Adalat partiýasy tarapyndan berlen beýanatda “Çöldäki Dawos” maslahatlaryna gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna giden Pakistanyň Premýer ministri İmran Han bilen Saud Arabystanly ýolbaşçylaryň arasynda geçirlen gepleşiklerde Saud Arabystanynyň Pakistana karz pul bermegi meselesinde ylalaşyk gazanylandygy nygtaldy.
Ylalaşyga laýyklykda Saudy hökümeti Pakistana 3 milliard dollarlyk karz berer.
Ylalaşykda Saud Arabystanynyň Pakistanda nebit rafineriýasyna maýa goýjakdygy we Pakistanyň Belujistan welaýatynda magdanlaryň çykarylmagy işlerine kömek berjekdigi ýatladyldy.
Pakistanyň Premýer ministri İmran Han awgust aýynda hökümeti gurandan soň ýurduň karzlaryny tölemek üçin Halkara Pul gaznasy bilen birlikde dost ýurtlar bilen gepleşik geçirjekdigini aýdypdy.