Katar Britaniýadan 24 Typhoon harby uçaryny alar

Britaniýanyň Katara 24 Typhoon harby uçary bilen 9 Hawk tälim uçaryny satmagyny göz öňünde tutýan şertnama güýje girdi

1052483
Katar Britaniýadan 24 Typhoon harby uçaryny alar

Britaniýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda Katar bilen dekabr aýynda paýtagt Dohada baglaşylan 24 Typhoon harby uçary bilen 9 Hawk tälim uçaryny satmagy barada şertnamanyň güýje girendigi nygtaldy.

Britaniýanyň Goranmak ministri Gawin Williamson mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda şertnamanyň güýje girmeginden hoşaldygyny belledi.

Şertnama laýyklykda uçarlaryň 2022-nji ýylda Katara gowşurylmagy meýilleşdirilýär

Şertnama laýyklykda Katar, Britaniýadan Typhoon harby uçaryny alan 9-njy ýurt boldy.

 



Degişli Habarlar