Türk Howaýollary 43,2 million ýolagçy gatnatdy

Türk Howaýollarynyň ýolagçy sany üstümizdäki ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň arasyndaky döwürde geçen ýylyň degişli döwrüne görä 15,2 göterim ýokarlap, 43,2 milliona barabar boldy

1029131
Türk Howaýollary 43,2 million ýolagçy gatnatdy

THÝ-niň Jemgyýetçilik maglumat beriş platformasyndan berilen maglumata görä 2018-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň arasyndaky gatnaw geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15,2 göterim ýokarlap, 43,2 million adama deň boldy.

Ýolagçy sanyndaky artyş içerki gatnawda 17, halkara gatnawda 13,8 göterime barabar boldy.

Ýolagçy mukdary bolsa 3,8 göterim ýokarlap, 81,2 göterime deň.

Gatnadylan ýük we poçta geçen ýylyň iýul aýynda 99,57 tonna deň bolan bolsa, 2018-nji ýylyň iýulynda 19,6 göterim ýokarlap, 119,98 tonna ýetdi.

Ýolagçy mukdary Afrikada 5,4, Ýakyn Gündogarda 4,1, Demirgazyk Amerikada 3,4 bal, ýolagçy sany bolsa bolsa Ýakyn Gündogarda 8, Afrikada 10, Ýewropada bolsa 9,5 göterim ýokarlady.

Berilen maglumatda 2018-nji ýylda 12,5 milliard dollarlyk satuw girdejiniň alynmagynyň maksat edinilýändigi habar berilýär.

 



Degişli Habarlar