Daşary söwdada iň köp deňiz ýollary ulanyldy

Deňiz ýollary bilen edilen eksportyň jemi eksportdaky paýy 63,1 göterim hökmünde kesgitlendi

1026193
Daşary söwdada iň köp deňiz ýollary ulanyldy

Türkiýäniň ýylyň ilkinji ýarymynda eksporty geçen ýylyň ilkinji ýarsyna garanyňda 6,3 göterim ösüş edip, 82,2 milliard dollara ýetdi, daşary söwdanyň esasy bölegi bolsa deňiz ýollary arkaly amala aşyryldy.

Deňiz ýollary bilen edilen eksportyň jemi eksportdaky paýy 63,1 göterim hökmünde kesgitlendi.

Daşary söwdada deňiz ýollaryndan soň, iň köp gara ýollar ulanyldy.

Eksportyň 28,3 göterimi gara ýollar bilen, 7,4 göterimi howa ýollary bilen, 0,4 göterimi demir ýollar bilen we 0,7 göterimi beýleki ýollar bilen amala aşyryldy.

Ýanwar-iýun aýlary aralygynda eksportda deňiz ýollarynyň ulanylmagy geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 16,7 göterim artyp, 44,5 milliard dollardan 51,9 milliard dollara ýetdi.


Etiketkalar: #Türkiýe , #eksport

Degişli Habarlar