Türkiýäniň eksporty iýul aýynda rekord derejä ýetdi

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň berýän hasabatyna görä eksport iýul aýynda 11,8 göterim artyp, 14,1 milliard dollara ýetdi

1023802
Türkiýäniň eksporty iýul aýynda rekord derejä ýetdi

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň başlygy Ismail Gülle bilen bilelikde ministrlikde iýul aýynyň eksporty bilen bagly beýanat berdi.

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň berýän hasabatyna görä soňky 12 aýlyk möhletde eksport 8,1 göterimlik artyş bilen, 163,3 milliard dollara ýetdi.

Iýul aýynda eksportyň importa bolan gatnaşygy 58,7 göterimden 70,1 göterime ýetdi.


Etiketkalar: #Ruhsar Pekjan , #eksport

Degişli Habarlar