Hytaý Arap ýurtlaryna 23 milliard dollardan gowrak karz we ynsanperwer kömegini berer

Hytaýyň Döwlet başlygy Si Szinpin Arap ýurtlaryna 23 milliard dollardan gowrak karz we ynsanperwer kömegini bermek barada söz berdi

1009778
Hytaý Arap ýurtlaryna 23 milliard dollardan gowrak karz we ynsanperwer kömegini berer

Si paýtagt Pekinde Arap liderleriniň gatnaşmagynda geçirlen konferensiýada eden çykyşynda Arap ýurtlaryna 23 milliart dollardan gowrak karz we ynsanperwer kömegini bermek barada söz berdi we şol pulyň 91 million dollarynyň ynsanperwer kömegi hökmünde Siriýa, Ýemene, İordaniýa we Liwana beriljekdigini aýtdy.

Hytaýyň Döwlet başlygy 152 million dollaryň hem maýa goýum taslamalary üçin bölünip beriljekdigini belledi.

Si Szinpin Hytaýyň Orta Aziýany Afrikanyň gündogary, Hindi ummanyny Ortaýer deňzi bilen birleşdirjek geljekdäki logistiki torynyň gurluşygyna goldaw berýändigini sözleriniň üstüne goşdy.

 

 


Etiketkalar: #Hytaý , #Pekin , #Si Szinpin

Degişli Habarlar