Türkiýe bilen DKTR özara söwda gatnaşyklarynda diňe we diňe türk lirasyny ulanar

Zeýbekji ministrlikde DKTR-nyň Ykdysadyýet we energetika ministri Özdil Naminiň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet bilen duşuşdy

956243
Türkiýe bilen DKTR özara söwda gatnaşyklarynda diňe we diňe türk lirasyny ulanar

 

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji “Türkiýe bilen Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň arasyndaky özara söwda gatnaşyklarda diňe we diňe türk lirasynyň ulanylmagy üçin işe girişeris” diýdi.

Zeýbekji ministrlikde DKTR-nyň Ykdysadyýet we energetika ministri Özdil Naminiň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet bilen duşuşdy.

Türkiýäniň we DKTR-nyň özara bähbide esaslanýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin möhüm taslamalary durmuşa geçirjekdiklerini aýdan Zeýbekji “DKTR halkara derejesinde biziň üçin ähli taraplaýyn garaşsyz döwlet” diýdi.

Zeýbekji DKTR-nyň ykdysadyýeti, senagaty, syýahatçylyk pudagy, maýa goýumlary, infstrukturasy we sosýal howpsyzlyk ulgamy bilen özbaşyna ykdysady güýç bolmagyna uly ähmiýet berýändiklerini belledi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy üçin tagalla edýändiklerini aýdan Zeýbekji “Türkiýe bilen DKTR özara söwda gatnaşyklarynda diňe türk lirasynyň ulanylmagy üçin işe girişeris”diýdi.

 



Degişli Habarlar