Eýran Russiýa bilen nebit babatynda ylalaşyk gazandy

Eýran Yrak serhedine golaý Aban we Günbatar Paýdar nebit ýataklarynyň rus kärhanasy bilen bilelikde dolandyrmak babatynda Moskwa bilen ylalaşdy

930267
Eýran Russiýa bilen nebit babatynda ylalaşyk gazandy

Eýranyň Milli nebit kärhanasy IPFS bilen Russiýanyň nebit kärhanasy Zarubezhneft we Eýranyň hususy nebit kärhanasy Dana Energetika kärhanalary tarapyndan döredilen konsorsiumyň arasynda baglaşylan şertnama bilen ýurdyň günorta-günbataryndaky Aban we Günbatar Paýdar nebit ýataklary 740 million dollaryň ýerine iki kärhana tarapyndan dolandyrylar.

Kärhanalaryň şertnama laýyklykda 10 ýylyň dowamynda jemi 105 million barrel çig nebit öndürjekdigi mälim edildi.

Ylalaşyk Eýranyň 2015-nji ýylda halkara taraplar bilen gol çekişen ýadro şertnamasyndan soň daşary ýurtlara beren 2-nji energetika tenderi boldy.

Resmi Tähran 2017-nji ýylda fransuz Total we Hytaýyň nebit kärhanasy CNPC tarapyndan emele getirilen konsorsium bilen Basra aýlagyndaky Günorta Pars tebigy gaz ýatagynyň dolandyrylmagy üçin 5 milliard dollara ylalaşdy.


Etiketkalar: #Eýran , #Russiýa , #nebit , #ýatak

Degişli Habarlar