THÝ Boeingdan 30 sany 787-9 kysymly ýolagçy uçaryny satyn alar

Türk Howa Ýollary dünýäniň iň uly uçar öndürijilerinden biri bolan Boeing firmasyndan jemi 30 sany 787-9 Dreamliner kysymly ýolagçy uçaryny satyn alar

THÝ Boeingdan 30 sany 787-9 kysymly ýolagçy uçaryny satyn alar

Firmanyň ABŞ-daky merkezi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda THÝ-na 787-9 Dreamliner kysymly ýolagçy uçarynyň satylmagy barada kararyň kabul edilendigi nygtaldy.

787-9 Dreamliner kysymly ýolagçy uçarlarynyň THÝ-nyň ýolagçylaryna Stambulyň üçinji howa menzilinde hyzmat etmäge başlajakdygy ýatladyldy.

Boeing bilen THÝ 787-9 Dreamliner kysymly ýolagçy uçaryny satyn alynmagy barada Prezident R. T. Erdoganyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na guran iş saparynyň çäginde 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda ylalaşyk teswirnamasyny baglaşypdy.

 


Etiketkalar: firma , THÝ , Boeing , BMG

Degişli Habarlar