Türk Akymynyň deňizden geçýän böleginiň ýarysy tamamlandy

Bu barada Gazpromdan berilen beýannamada aýdylýar

924491
Türk Akymynyň deňizden geçýän böleginiň ýarysy tamamlandy

Russiýanyň açyk paýdarlar jemgyýeti Gazpromyň şärikligindäki “South Stream Transport B.W.” firmasy tebigy gaz geçirisiniň iki ugrunyň 930 kilometrlik bölegini tamamlandygyny we şeýlelikde deňizden geçýän bölegiň 50 göteriminiň gurlup gutarylandygyny habar berdi.

“South Stream Transport B.W.” firmasy Türk akymyny çekýän “Pioneering Spirit” atly turba çekiji gäminiň Gara deňizde Bolgariýanyň erkin ykdysady zolagynyň serhediniň golaýyndaky 706-njy kilometrdäki gözegçilik nokadynydan geçendigi habar berildi.

Türk Akymyndan 2019-njy ýylyň dekabrynda gaz akdyrylmaklyk meýilleşidirilýär.

Turba geçirisiniň deňizden geçýäň bölegi Russiýanyň Anapa şäherinden Türkiýäniň Kyýyköý etrapçasyna çenli Gara deňiz boýunça 930 kilomtr uzynlyga eýe.



Degişli Habarlar