Türkiýe ABŞ-nyň polada we alýumine goşmaça gümrük salgyt goýmak baradaky kararyndan soň işe girişdi

Türkiýe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň import polada we alýumine goşmaça gümrük salgyt goýmak baradaky kararyndan herekede geçdi

923929
Türkiýe ABŞ-nyň polada we alýumine goşmaça gümrük salgyt goýmak baradaky kararyndan soň işe girişdi

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji ABŞ-nyň import polada we alýumine goşmaça gümrük salgyt goýmak baradaky karary babatynda Ýewropa Bileleşiginiň Söwda komissary Sesiliýa Malmstrýom bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ykdysadyýet ministriginden berilen beýanatda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň polada 25 göterim, alýumine 10 göterim goşmaça gümrük salgydygyny getirjekdigi bilen bagly: “2017-nji ýylda ABŞ-e 1,2 milliard dollarlyk polat eksport edildi, alýuminiý bols 78,5 million dolarlyk eksport edilip şol çäkde ministrligimiz ady agzalan meseläni ýakyndan gözegçilik edýär. ABŞ we eksport edýän beýleki ýurtlar bilen gepleşikler geçirilýär” diýildi.

Beýanatda: “Ykdysadyýet ministrimizi Nihat Zeýbekji 5-nji martda Ýewropa Bileleşiginiň Söwda komissary Sesiliýa Malmstrýom bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Iki tarap öňümizdäki etapda Bütindünýä Söwda guramasynyň platformalarynda bilelikde hereket etmek barada ylalaşdylar” diýildi.



Degişli Habarlar