Dünýäniň iň uly nebit öndürijisi Birleşen Arap Emirlikleri ilkinji gezek ABŞ-dan nebit import etdi

BAE-niň ABŞ-dan nebit import etmegi dünýäniň nebit eksportunyň üýtgändigini görkezýär

905757
Dünýäniň iň uly nebit öndürijisi Birleşen Arap Emirlikleri ilkinji gezek ABŞ-dan nebit import etdi

Nebit eksport edýän ýurtlar guramasynyň iň uly 4-nji nebit eksportçysy bolan Birleşen Arap Emirlikleriniň dekabr aýynda ABŞ-dan dykyzlaşdyrlan nebit import edendigi habar berildi.

Bloomberg Nýusyň habaryna görä, BAE sebitdäki nebit ätiýajyna görä has ýokary hili bolandygy üçin ABŞ-dan nebit import etdi.

ABŞ-nyň görkezijilerine görä, dekabr aýynda BAE-ne 700 müň barrellik nebit eksport edildi.

BAE-niň ABŞ-dan nebit import etmegi dünýäniň nebit eksportunyň üýtgändigini görkezýär.

 


Etiketkalar: #nebit , #eksport , #ABŞ , #BAE , #import

Degişli Habarlar