Ykdysadyýet ministri Zeýbekji Dawosda

Nihat Zeýbekji Türkiýäniň Bütindünýä Söwda guramasyna laýyklykda söwda bilen baglanşykly ähli meselelere taýardygyny we açykdygyny habar berdi

897904
Ykdysadyýet ministri Zeýbekji Dawosda

Türkiýäniň Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Bütindünýä Söwda guramasynyň global söwdada dowamly ösüşi üpjün edýän kadalara esaslanýan köptaraply bir söwda ulgamy üçin ýeke täk salgysydygyny belledi. 

Nihat Zeýbekji Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçirilýän 48-nji Bütindünýä Ykdysadyýet forumynyň çäginde geçirilýän Bütindünýä Söwda guramasyna agza ýurtlaryň ministrleriniň resmi bolmadyk maslahatynda Türkiýä wekilçilik etdi. 

Zeýbekji Bütindünýä Söwda guramasynyň döredilmeginden bäri hem global hem-de söwda hyzmatdaşlygyň örän üýtgändigini nygtap: "Şol sebäpli Bütindünýä Söwda guramasynyň we gün tertibiniň täze ugurlar we halkara töweregiň üýtgeýän ýüzüniň çäginde üýtgemeli" diýdi. 

Nihat Zeýbekji Türkiýäniň Bütindünýä Söwda guramasyna laýyklykda söwda bilen baglanşykly ähli meselelere taýardygyny we açykdygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar