ABŞ Ukraina ýarag kömegini berer

47 million dollarlyk ýarag kömeginiň çäginde Ukraina 210 sany anti-tank roketa berler

874183
ABŞ Ukraina ýarag kömegini berer

 

ABŞ Ukraina goranyş maksatly ýarag kömegini berjekdigini mälim etdi.

Amerikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri 47 million dollarlyk ýarag kömeginiň çäginde Ukraina 210 sany anti-tank roketanyň beriljekdigini öňe sürdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýanatda resmi Waşingtonyň Ukrainanyň goranyş senagatynyň ösdürilmegine goldaw bermek barada karar kabul edendigi nygtaldy.

Beýanatda Ukrainanyň özbaşdak döwletdigi we özüni goramak hukugynyň bardygy bellenildi.



Degişli Habarlar