Üç aýda 100 müň 651 tonna funduk maňyzy eksport edildi

Türkiýe 2017-2018 funduk möwsüminiň ilkinji 3 aýynda 100 müň 651 tonna funduk maňyzyny eksport etdi we 648,3 million dollarlyk girdeji gazandy

859573
Üç aýda 100 müň 651 tonna funduk maňyzy eksport edildi

Garadeňiz Funduk we funduk önümleri eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygy İlýas Edip Sewinç 2017-2018 funduk eksport möwsüminiň 1-nji sentýabrda başlandygyny aýtdy.

Möwsümiň ilkinji 3 aýynda Türkiýäniň 100 müň 651 tonna funduk maňyzyny eksport edendigini aýdan Sewinç “Üç aýda funduk eksportundan 648 million 255 müň 549 dollarlyk girdeji gazandyk. Geçen ýyl ady agzalýan döwürde 67 müň 328 tonna funduk maňyzyny eksport edip 619 million 942 müň 545 dollarlyk girdeji gazanypdyk” diýdi.


Etiketkalar: #funduk , #möwsüm , #eksport

Degişli Habarlar