Ünsler 11-nji dekabrda beýan ediljek ösüş mukdarlaryna gönükdi…

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Tokat şäherinde beren beýannamasynda ýylyň gutarmagyna bir aýyň galandygyny nygtap, Türkiýäniň eýe boljak ösüş mukdary bilen halkara kredit derejelendiriş guramalaryny ýene-de bir gezek geň galdyrjakdygyny aýtdy

859589
Ünsler 11-nji dekabrda beýan ediljek ösüş mukdarlaryna gönükdi…

Şu ýyly eksport mobilizleniş ýyly hökmünde yglan edendiklerini ýatladan Zeýbekji, 2017-nji ýyl üçin 153,3 milliard dollara barabar eksport we 4,4 göterimlik ykdysady ösüş maksat edinýändiklerini ýatlatdy.

Ösüş mukdarlaryny beýan edenlerinde käbir töwerekleriň oňa üns bermändiklerini nygtan Zeýbekji; “4,4 göterimlik ösüş diýseň ýokary mukdardy, ony artykmajy bilen berjaý etdik. G-20-ä girýän ýurtlaryň hatarynda, OEJD-niň 35 ýurdunda Türkiýe birinji ýeri eýelär” diýdi.

Ministr Zeýbekji kredit derejelendiriş guramalarynyň Türkiýe baradaky ösüş çaklamalaryny 2-3 göterim aralygynda kesgitländiklerini, çärýeklik ösüşleri beýan edilende bolsa çaklamalaryny her gezeginde özgerdendiklerini aýtdy.

Zeýbekji Ekzimbankyň hem 2018-nji ýylda birinji orny eýelejekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar