Faruk Özlü D-8-iň özara söwda mukdarynyň 100 milliard dollara barabardygyny aýtdy

Ylym, senagat we tehnologiýa ministri Faruk Özlü Nigeriýanyň Abuýa şäherinde geçirilen “D-8-iň Senagat ministrleriniň 6-njy maslahatyna” gatnaşdy

849047
Faruk Özlü D-8-iň özara söwda mukdarynyň 100 milliard dollara barabardygyny aýtdy

Ministr Faruk Özlü: “Jemi ykdysady güýjümiziň  3 trillion 779 milliard dollar, gurama agza ýurtlaryň jemi ilatynyň 1,1 milliarda barabar bolandygyny pikir edenimizde içeri söwda mukdarymyzyň 500 milliard dollara ýetirilmegi mümkindir” diýdi.

D-8-iň 9-njy maslahatynyň oktýabr aýynda Türkiýede geçiriljekdigini ýatladan ministr Özlü, maslahatda Prezident R.T.Erdoganyň aýdyşy ýaly: “Uruşyň ýerine parahatçylyk, çaknyşygyň ýerine dialog, üstünligiň ýerine deňlik, iki standartlylygyň ýerine adalat we ösüş” ýörelgelerinde birleşilendigini aýtdy.

Faruk Özlü D-8-iň 1997-nji ýyldan bäri agza ýurtlaryň birnäçe ugurda köp sanly ösüş edendigine ünsi çekip: “D-8-e agza ýurtlaryň ýylda ortaça ösüş depgini 5 göterime barabar dowam edýär. Şol ösüş depgini birnäçe günbatar ýurtlaryndan ýokarda. Häzirki wagtda agza ýurtlaryň öz aralaryndaky içerki söwda mukdary 100 milliard dollara barabar. Jemi ykdysady güýjümiziň  3 trillion 779 milliard dollar, gurama agza ýurtlaryň jemi ilatynyň 1,1 milliarda barabar bolandygyny pikir edenimizde içeri söwda mukdarymyzyň 500 milliard dollara ýetirilmegi mümkindir” diýdi.



Degişli Habarlar