Milli dik uçar ATAK Dubaýda tanyşdyrlar
Türk Awiasiýa we kosmos senagaty TUSAŞ/TAI Aziýa bilen Ýakyn Gündogar bazarlarynda täsirini artdyrmak üçin tagalla edýär
833824

Firma tarapyndan berlen beýanata görä, TUSAŞ noýabr aýynyň 6-9-y aralygynda Taýlantda geçiriljek Goranyş we howpsyzlyk sergisine, noýabr aýynyň 12-16-sy aralygynda Dubaýda geçiriljek Airşowa gatnaşar.
TUSAŞ şol çäkde tapawutly iki geografiýada goranyş senagaty bazarynda täsirini artdyrmak üçin tagalla eder.
T129 ATAK dik uçary iň uly airşowa ýer eýeçiligini etjek Dubaýda ilkinji akrobatik uçuşyny eder.
Firma Taýlantda geçiriljek Goranyş we howpsyzlyk sergisine bolsa ANKA, HÜRKUŞ we ATAK bilen gatnaşyp, goranyş we awiasiýa senagatynda çalt depginde ösýän Aziýa bazarynda esasy orun eýelemegi maksat edinýär.
Degişli Habarlar

Stambul howa menzili ýolagçy sany boýunça Ýewropada 1-nji boldy
Stambul howa menzili geçen ýyl 23,4 million ýolagçy sany bilen Ýewropada 1-nji boldy