Atatürk we Sabiha Gökçen howa menzillerine 9 aýda 71 million 129 müň 281 ýolagçy geldi

Ady agzalýan döwürde iki howa menziline 511 müň 797 uçar gondy we uçdy

834865
Atatürk we Sabiha Gökçen howa menzillerine 9 aýda 71 million 129 müň 281 ýolagçy geldi

Stambulda Atatürk we Sabiha Gökçen howa menzillerine üstümizdäki ýylyň 9 aýlyk döwründe 71 million 129 müň 281 ýolagçy geldi.

Ady agzalýan döwürde iki howa menziline 511 müň 797 uçar gondy we uçdy.

2017-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde Atatürk howa menziline içerki uçuşlar bilen 14 million 635 müň 984, daşarky uçuşlar bilen 33 million 10 müň 845 ýolagçy geldi.

Şeýlelikde 47 million 646 müň adam şol howa menzilinden syýahat etdi.

2017-nji ýylyň 9 aýlyk döwründe Halkara Sabiha Gökçen howa menziline gelen ýolagçylaryň sany içerki uçuşlarda 15 million 693 müň 971,daşarky uçuşlarda bolsa 7 million 788 müň 481 adama ýetdi.

Halkara Sabiha Gökçen howa menziline 9 aýda jemi 23 million 482 müň 452 ýolagçy geldi.

 

 



Degişli Habarlar