Türk Akymy taslamasynyň gurluşygynyň 373 kilometrlik bölümi tamamlandy

Rus energetika firmasy Gazprom Türk Akymy taslamasynyň gurluşygynyň 373 kilometrlik bölüminiň tamamlanandygyny habar berdi

829371
Türk Akymy taslamasynyň gurluşygynyň 373 kilometrlik bölümi tamamlandy

Gazpromdan berlen beýanatda “Türk Akymy taslamasynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Taslamanyň deňiziň aşagyndan geçýän 373 kilometrlik bölümi tamamlandy” diýildi.

Gazprom Russiýadan başlap Garadeňiziň üsti bilen Türkiýä akdyrylmagy meýilleşdirilýän tebigy gaz turba geçiriji taslamasy Türk Akymynyň deňiziň aşagyndan geçýän bölüminiň gurluşygyna üstümizdäki ýylyň 7-nji maýynda başlapdy.

Türkiýäniň taslamadan ýylda 15,75 milliard kub metrlik tebigy gaz almagy we galan 15,75 milliard kub metrlik gazy hem Ýewropa eksport etmegi meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar