Temenužka Petkowa bilen Alekseý Miller Türk akymy tebigy gaz taslamasy hakynda pikir alyşdy

Russiýa Türk Akymy taslamasy bilen birlikde rus gazyny Bolgariýanyň üstaşyr ýewropa akdyrmagy maksat edinýär

815405
Temenužka Petkowa bilen Alekseý Miller Türk akymy tebigy gaz taslamasy hakynda pikir alyşdy

Bolgariýanyň Energetika ministri Temenužka Petkowa bilen rus energetika firmasy Gazpromyň başlygy Alekseý Miller Türk akymy tebigy gaz taslamasy hakynda pikir alyşdy.

Gazpromdan berlen beýanata görä, Miller bilen Petkowa Russiýa bilen Bolgariýanyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy.

Beýanatda “Taraplar esasan hem rus gazynyň Bolgariýa akdyrylmagy we Türk Akymy taslamasynyň gurluşygynyň çäginde rus gazynyň Bolgariýanyň üstaşyr Ýewropa ýetirilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşdy” diýildi.

Günorta Akym taslamasy bilen rus gazyny Ýewropa ýetirmegi meýilleşdirýän Bolgariýa taslamadan ýüz öwürlendigi sebäpli meýilnamasyny durmuşa geçirip bilmändi.

Russiýa Türk Akymy taslamasy bilen birlikde rus gazyny Bolgariýanyň üstaşyr Ýewropa akdyrmagy maksat edinýär.

 



Degişli Habarlar