Fitç Reýting Türkiýe boýunça çaklamalaryny ýaňadandan seljerer

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Fitç Reýting Türkiýe boýunça ykdysady çaklamalaryny seljerjekdigini habar berdi

807670
Fitç Reýting Türkiýe boýunça çaklamalaryny ýaňadandan seljerer

Ösýän Ýewropa reýtingleri guramasynyň başlygy Paul Gambl Türkiýäniň ikinji çärýekdäki görkezijileriniň diýseň gowudygyny, olaryň birinji çärýekde gowy çykan ösüş görkezijileriniň dowamydygyny nygtap: “Türkiýede hökümetiň iş ýüzüne geçirýän syýasatynyň netijelidigini görendiklerini” aýtdy.

Gambl: “Şol syýasatda käbir faktorlar maliýe höweslendiriş görnüşinde, Karz kepillendiriş gaznasy arkaly edildi. Türkiýede 3-nji çärýekdäki ösüşiň hem ýokary bolmagyna garaşýarys. Türkiýe daşarky şertleriň gowulanmagyndan peýdalanýar” diýdi.

Gambl soňky döwürde köp sanly halkara maliýe guramasynyň Türkiýe baradaky ösüş çaklamalaryny ýokarlandyrmagy barada bolsa: “İýun aýynda Türkiýe baradaky ösüş çaklamamyzy ýokarlandyrdyk. Türkiýe boýunça ýyllyk ösüş çaklamamyzy 2,4 göterimden 4,7 göterime çenli ýokarlandyrdyk. Görkezijiler garaşylýanyndan has ýokary çykdy. Geljekki hepdelerde esasy global çaklamalarymyzy ýaňadandan seljereris. Güýçli performansyna laýyklykda Türkiýeni hem seljereris” diýdi.



Degişli Habarlar