Russiýa Belarussiýa kredit berer
Russiýa özüne bolan bergisini bermek üçin şu ýylyň ahyryna çenli Belarussiýa 700 million dollar kredit berer
794676
Russiýanyň hökümetiniň internet saýtynda berilen maglumata görä Belarussiýanyň krediti 2018-nji ýyldan başlap 10 ýylyň dowamynda Russiýa yzyna gaýtaryp berjekdigi mälim edildi.
Beýanatda ady agzalan kredit üçin prosent stawkanyň ilk başda 2,5 göterim, ondan soňky ýyllarda bolsa 9,5 göterime çenli ýokarladyljakdygy habar berildi.