Premýer ministr Singapurda Türkiýedäki maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat berdi

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Singapurda barlyklary 550 milliard dollara ýetýän firmalaryň wekilleri bilen duşuşyp, Türkiýedäki maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat berdi

794544
Premýer ministr Singapurda Türkiýedäki maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat berdi

Premýer ministrlikden alynan maglumata görä Binali Ýyldyrym Singapura guran saparynyň soňky gününde singapurly maýadarlar bilen duşuşyk geçirdi.

Metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşykda Ýyldyrym barlyklary 550 milliard dollara ýetýän maýadarlara Türkiýedäki maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat berdi.

Duşuşyga Wise-premýerler Mehmet Şimşek we Rejep Akdag, Ylym, senagat we tehnologiýa ministri Faruk Özlü, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji we Gümrük we söwda ministri Bülent Tüfenkçi ýaly ýokary derejeli ýolbaşçylar gatnaşdylar.



Degişli Habarlar