Türk goranyş firmalary 100 firmanyň hatarynda
ASELSAN, TUSAŞ we ROKETSAN dünýäniň iň uly 100 firmasynyň hatarynda ýer aldy
778845

ASELSAN, TUSAŞ we ROKETSAN goranmak senagaty taýdan iş alyp barýän dünýäniň iň uly 100 firmasynyň hatarynda ýer aldy.
Merkezi ABŞ-da ýerleşýän Defens Nýus žurnaly her ýyl goranyş senagaty taýdan gazanan girdejilerine laýyklykda dünýäniň iň uly 100 firmasynyň sanawyny taýarlaýar.
Sanawda ýer alýan türk firmalarynyň sany şu ýyl 3-e ýetdi.
Sanawda geçen ýyl 58-nji bolan ASELSAN 1 milliard 195 million dollarlyk girdejisi bilen şu ýyl 57-nji ýeri eýeledi.
Geçen ýyl sanawda 72-nji ýeri eýeleýän TUSAŞ bolsa 1 milliard 84 million dollar bilen 62-nji ýeri eýeledi.
ROKETSAN hem 364 million dollarlyk girdejisi bilen ilkinji gezek dünýäniň iň uly 100 firmasynyň sanawyna girmegi başardy we 98-nji ýeri eýeledi.