Katara azyk alyp gitjek ilkinji gämi ýola çykdy

Gäminiň 10 gün soň Kataryň paýtagty Doha barmagyna garaşylýar

757771
Katara azyk alyp gitjek ilkinji gämi ýola çykdy

Türkiýäniň Izmir şäherinden Pars aýlagy ýurtlarynyň embargosy astynda bolan Katara takmynan 4 müň tonnalyk azyk haryt alyp gitjek gämi ýola çykdy.

Azyk kömegini daşaýan logistika kärhananyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Ipek Demirji beren beýanatynda Kataryň embargo krizisi sebäpli gury ýerden azyk kömegini iberip bilmeýändiklerini ýatlatdy.

Kärhana hökmünde Katara ozal howa ýollary arkaly azyk haryt iberendiklerini aýdan Demirji howa ýollary arkaly iberilýän ýükleriň ýeterlik derejede bolmaýandygyny, şol sebäpli azygy gämi bilen ibermäge başlandyklaryny habar berdi.

Gäminiň 10 gün soň Kataryň paýtagty Doha barmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar