Gresiýa bilen kreditorlar ylalaşyp bilmedi...

Gresiýanyň jemi bergisiniň şu ýyl 300 milliard ýewrodan geçjekdigi çak edilýär

737674
Gresiýa bilen kreditorlar ylalaşyp bilmedi...

 

Ýewropa Bileleşiginiň milli walýutasyny ulanýan Bileleşige agza 19 ýurdyň Maliýe ministrleri Gresiýany maliýe taýdan halas etmek bukjasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýusellde gepleşikler geçirdiler.

Ýewro toparynyň başlygy we Gollandiýanyň Maliýe ministri Jeroen Dižsselbloý gepleşikden soň beren beýanatynda Gresiýa beriljek indiki kredit böleginiň tomusdan ozal berilip bilinmegi üçin geçirilýän gepleşikleriň öňümizdäki hepdeleriň birinde dowam etjekdigini belläp Gresiýanyň hökümeti bilen bu babatda entege çenli ylalaşyk gazanyp bilmändiklerini habar berdi.

Gresiýany halas etmek bukjasynyň ikinji etaby tamamlanmadygy üçin täze kredit berilip bilinenok. Gresiýa iýul aýynda kredit beren taraplara 7 milliard ýewro gaýdyp bermeli.

Kreditorlar Gresiýadan jemi 86 milliard ýewrolyk halas ediş bukjasynyň çäginde gerek bolan reformalary durmuşa geçirmegini isleýär.

Gresiýanyň jemi bergisiniň şu ýyl 300 milliard ýewrodan geçjekdigi we bergileriniň milli girdejisiniň 180 göterimine deň boljakdygy çak edilýär.



Degişli Habarlar