Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar
Towar türk firmalarynyň Katarda uly taslamalary durmuşa geçirýändigini we ýurduň galkynyşyna goşant goşýandyklaryny aýratyn belledi
Kataryň Söwda bileleşiginiň başlygynyň orunbasary Mohamed Bin Ahmed Bin Towar Kataryň 20 milliard dollar bolan Türkiýedäki maýa goýumlaryny artdyrmak isleýändigini ýatlatdy.
Expo Turkey by Katar guramaçylygynyň çäginde Türkiýe-Katar işewür adamlary maslahaty Kataryň paýtagty Dohada geçirildi.
Towar maslahatyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanýandygyny nygtady.
Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky 800 million dollarlyk söwda mukdarynyň geljek ýyllarda has-da artjakdygyny aýdan Towar, Kataryň 20 milliard dollar bolan Türkiýedäki maýa goýumlarynyň hem ýokarlaýandygyny ýatlatdy.
Towar türk firmalarynyň Katarda uly taslamalary durmuşa geçirýändigini we ýurduň galkynyşyna goşant goşýandyklaryny aýratyn belledi.
Degişli Habarlar
Ministr Mehmet Şimşek ABŞ-na Gitdi
Mehmet Şimşek, Halkara pul gaznasynyň Baharky maslahatyna gatnaşar