Türk howa ýollarynyň täze ýolagçy rekordy

THÝ-nyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Bilal Ekşi Twitter arkaly buşlukly habar aýtdy

Türk howa ýollarynyň täze ýolagçy rekordy

THÝ-nyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Bilal Ekşi düýn bronlanan ýerler barada maglumat berip: “Bu bir rekortdyr. Anna güni 200061 ýolagçy THÝ bilen uçmagy saýlady” diýdi.

Bilal Ekşi Twitterdäki resmi hasabyndan beren beýanatynda: “Komfortly we howpsyz ýolagçylyk dileýäris” diýip belledi.

Ekşi 31-nji martda 187470 ýolagçynyň THÝ bilen uçmagy saýlanadygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar