Efiopiýa we Sudan demir ýol we erkin ykdysady zolak babatynda ylalaşdy

Efiopiýa we Sudan iki ýurdyň arasynda demir ýol liniýasynyň gurulmagy we erkin ykdysady zolagyň döredilmegi babatynda ylalaşyk gazandy

706255
Efiopiýa we Sudan demir ýol we erkin ykdysady zolak babatynda ylalaşdy

Efiopiýa resmi sapar guran Sudanyň Prezidenti Ömer Al Beşir paýtagt Addis Ababada Premýer ministr Hailemariam Desalegn bilen duşuşdy.

Al Beşir duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, medeni we ykdysady ugurlarynda has hem güýçlendirilmegi babatynda ylalaşandyklaryny belledi.

Sudanyň we Efiopiýanyň howpsyzlygynyň iki ýurt üçin hem esasy meseledigini nygtan Al Beşir: “Parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek üçin polisiýa işgärlerimiz we goşunymyz sazlaşykly ýagdaýda hereket eder” diýdi.

Desalegn bolsa iki ýurdyň arasynda ýakyn wagtda erkin ykdysady zolagyň dörediljekdigini we täze bir demir ýol liniýasynyň guruljakdygyny habar berdi.



Degişli Habarlar