Dünýäniň ilkinji uçýan awtoulagynyň çykmagy üçin günler sanalmaga başlandy…

Ilkinjisi 2018-nji gowşuryljak ulagyň nyrhy 400-600 müň dollar aralygynda üýtgeýär

672297
Dünýäniň ilkinji uçýan awtoulagynyň çykmagy üçin günler sanalmaga başlandy…

Dünýäniň ilkinji uçýan awtoulagynyň çykmagy üçin günler sanalmaga başlandy…

Hem gury ýerde hem-de howada ulanylyp bilinýän Pal-W Libertý gök asmany zabt etmäge taýarlanýar.

Ilkinjisi 2018-nji gowşuryljak ulagyň nyrhy 400-600 müň dollar aralygynda üýtgeýär.

Ylmy-amaly filmlerdäki sahnalar hakykata öwrülmäge ýakynlaşýar.

Dünýäniň “hem uçup bilýän hem-de gury ýerden ýöräp bilýän” ilkinji ulagy indi satuwda…

Merkezi Gollandiýada ýerleşýän awtoulag öndürijisi Pal-W uçýan awtoulagyň prototipini 2012-nji ýylda tanyşdyrypdy.

Edilen özgertmeler we synag sürüşi bilen Liertý atlandyrylan ulag bäş ýyl son öndürilmäge başlandy we satuwa çykaryldy.

Libertý hem gury ýerde hem-de howada gatnaw etme lisenziýasyna eýe…

Emma ulagyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmek üçin sürüji iki ugur boýunça hem ygtyýarly bolmaly.

Ýagny sürüjilik şahadatnamasy bilen birlikde uçarmanlyk şahadatnamasy hem gerek bolar.

Gury ýerde triportýory, howada dik uçary ýada salýan iki adamlyk ulagyň uzynlygy 4, ini 2 metre barabar.

Biri ýylda biri howa ulanyljak jemi iki hereketlendiriji we uçuş üçin perrigi bar.

3,5 müň metr belentlige çenli göterilip bilýän ulag howada sagatda 180 kilometr tizliğe we 500 kilometr aralyga çenli uçup bilýär.

Bäş minudyň dowamynda awtoulag görnüşinden awiulag görnüşine geçýär…

Awtoulag pudagyny tolgundyrýan ulag üçin iýun aýyndan başlap isleg bildirilip bilner.

2018-nji ýylda ulaglaryň gowşurylmagyna başlanar.

Bazar bahasynyň modeline görä 400 mün bilen 600 müň dollaryň aralyğynda bolmagyna garaşylýar.

 


Etiketkalar: #awtoulag , #uçar

Degişli Habarlar