Tokioda elektrigi tygşytly ulanmaklyk üçin kampaniýa başladyldy
Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde elektrik togy tygşytly ulanmaklyk üçin kampaniýa başladyldy
Öýlerdäki elektrik togy tygşytly ulanmagy höweslendirmek maksady bilen elektrik dükanlaryna 2 sany adaty lampa eltene 1 sany swetodiod lampa mugt berilýär.
Bu kampaniýanyň çäginde 1 million sany swetodiod lampanyň berilmegi meýilleşdirilýär.
Swetodiod lampany 10 ýyla çenli ulanyp bolýar we netijeliligi hem adaty lampadan has ýokary.
Emma hökümet 1 sany adaty lampanyň bahasynyň 1 dollar töwerekdigini, swetodiod lampanyň bahasynyň bolsa 12-13 dollar töwerek bolandygy sebäpli swetodiod lampanyň ýaýbaňlanmagynyň öňüne böwet bolýandygyny belleýär.
Şol sebäpli bu kampaniýa üçin takmynan 15 million dollar goşmaça pul serişdesi aýryldy.
Degişli Habarlar
Türkiyäniň dünýä maliýe bazarlaryndaky orny barha güýçlenýär
Maliýe pudagynyň merkezi "Stambul Maliýe Merkezi" täze hyzmatdaşlyk bilen hasam ösýär
Geçen Ýyl 96 Ýurda Fystyk Eksport Edildi
Fystyk eksporty 52 göterim artyp 229 million 777 müň dollara barabar boldy.