Afrikanyň iň uzyn demir ýoly gurulyp ulanylmaga berildi

Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebany Jibutiniň paýtagty we port şäheri Jibuti şäheri bilen birleşdirjek demir ýol liniýa dabara bilen açyldy

648215
Afrikanyň iň uzyn demir ýoly gurulyp ulanylmaga berildi

Efiopiýanyň resmi ENA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä taslamanyň tamamlanmagy sebäpli Jibutiniň Nagad otly bekedinde açylyş dabara boldy.

Açylyş dabara Jibutiniň Prezidenti Ismail Ömer Gulle we Efiopiýanyň Premýer mnistri Hailemariam Desalegn bilen birlikde ençeme döwlet adamsy bardy.

Oktaýabr aýynda demir ýoluň Efiopiýadaky bölüminiň açylyşy bolan taslamanyň saýasynda deňize kenary bolmaýan Efiopiýa Aden aýlagyna we Gyzyl deňize açyldy.

Täze demir ýol bilen Addis-Abebadan Jibuti portyna barmak üçin takmynan 10 sagat gerek bolar.

Afrikadaky iň uzyn demir ýol bolan bu taslamanyň Gündogar Afrika ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyklaryň ösmegine goşant goşar diýip çak edilýär.

Jemi 756 km uzynlygyndaky demir ýol liniýasy takmynan 3,4 milliard dollara guruldy.



Degişli Habarlar