Trans Anadoly taslamasy üçin 800 million dollarlyk karz tassyklandy

Azeri gazyny Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrjak Trans Anadoly tebigy gaz turba geçiriji taslamasy (TANAP) üçin 800 million dollarlyk karz tassyklandy

635157
Trans Anadoly taslamasy üçin 800 million dollarlyk karz tassyklandy

Bütindünýä bankynyň dolandyryjylar geňeşi TANAP üçin “Turba geçirijileri nebit akdyryş AŞ” (BOTAŞ) firmasyna 400 million dollar, Azerbaýjanyň Günorta gaz koridory” (SGJ) firmasynada 400 million dollar, jemi 800 milion dollarlyk karzyň berilmegini tassyklady.

 Bütindünýä bankyndan berilen beýanata görä bankyň dolandyryjylar geňeşiniň düýnki geňeşinde TANAP-a beriljek karz we şertler seljerildi.

Maslahatyň ahyrynda Bütindünýä banky toparyna degişli Halklara Abandanlaşdyryş we ösüş banky arkaly BOTAŞ-a TANAP üçin 400 million dollarlyk karz berilmegi barada netijä gelindi. Türkiýäniň kepillendirmeginde beriljek karz 5 ýyl yzyna tölemesiz 24 ýyl möhletli bolar.

Azerbaýjanyň hökümetiniň kepillendirmeginde bolsa taslama üçin SGJ-e firmasyna 400 million dollar mukdaryndaky karzyň berilmegi tassyklandy. Şol mukdar SGJ tarapyndan 5 ýyl yzyna tölemesiz 30 ýyl möhletli bolar.

TANAP-yň baş müdiri Saltuk Düzýol geçen hepde žurnalistlere beren beýanatynda taslamanyň düşýän gymmatynyň 8,5 milliard dollara barabar boljakdygyny aýdypdy.

Hazar deňizinden başlap jemi 1850 kilometr uzynlygynda bolja TANAP-dan ilkinji gaz 2018-nji ýylyň iýun aýynda akdyrylmaga başlanar. Taslama arkaly 2020-nji ýylda bolsa Ýewropany gaz akdyrmak meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar