Ýewraziýa tuneli açyldy

Erdogan: “Türk milletini bölmäge hiç kimiň güýji ýetmez”

634531
Ýewraziýa tuneli açyldy

Prezident R.T.Erdogan Ýewraziýa tuneliniň açylyş dabarasynda sözlän sözünde türk milletini bölmäge hiç kimiň güýjüniň ýetmejekdigini aýtdy

Przident Erdogan dabarada Türkiýäniň iki kontinenti birleşdirýän seýrek ýurtlardan biridigini ýatlatdy.

Erdogan: “Şeýle seýrek gabat gelýän ýurduň, şol bir wagtda-da Stambul şäherine eýe bolan millet. Bu şäher hakykatdan hem ugrunda köp zat pida edilip bilinjek şäher. Biz şonuň üçin bu şähere aşyk. Badalgasyny Aziýa kenarynda beripdik. Hudaýa şükür, açylyşy Ýewropa kenarynda edýäris. Bu nähili bagtyýarlyk” diýdi.

Çykyşynda ýarag hüjüm netijesinde ýogalan Russiýanyň Türkiýedäki ilçisi Andreý Karlowa gynanç bildiren Erdogan: “Russiýa bilen gatnaşyklarymyzyň bozulmagyna, zyýan görmegine ýol bermeris” diýdi.

Wakanyň ähli taraplaýyn derňeljekdigine ünsi çeken Erdogan: “Howpsyzlyk güýçlerimiz we kazyýetimiz wakany ähli taraplaryn derňär, hakykatlary ýüze çykarar. Russiýa bilen bilelikde derňew toparyny döredip işe başladyk.

Siriýanyň başda durmagynda Russiýa bilen günsaýyn ösýän hyzmatdaşlygymyzyň bu hüjümden zyýan çekmejekdigi dogursynda Putin bilen şol bir garaýyşa eýe. Russiýa bilen gatnaşyklarymyzyň bozulmagyna, zyýan çekmegine asla ýol bermeris” diýdi.

Terrora garşy pozisiýanyň üýtgemändigine ünsi çeken Erdogan: “Terroryň bizi öz gün tertibine tabyn etmegine ýol bermedik, bermerisem. Şonuň üçin şu gün şu taýda Ýewraziýa tuneliniň açylyşyny yza süýşürmedik. Onuň terrora garşy iň ýerlikli jogapdygyna ynanýarys” diýdi.

Terroryň güýjüniň Türkiýäni bölmäge ýetmejekdigini nygtan Erdogan: “İsleýşiňizçe terror ediň, pespälleri jemläň, bu milleti bölüp bilmersiňiz” diýdi.



Degişli Habarlar