Owganystany Ýewropa bilen birikdirjek demir ýol açylar

Owganystany Türkmenistan, Azerbaýjan, Türkiýe we Gruziýanyň üsti bilen Ýewropa bilen birleşdirjek demir ýol 28-nji noýabrda açylýar

615729
Owganystany Ýewropa bilen birikdirjek demir ýol açylar

Owganystanyň demirgazygyndaky Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynda başlaýan demir ýol liniýasy ýurduň ykdysady galkynyşyna goşant goşar.

Farýab welaýatynyň häkimi Said Enwer Sadat bu taslama bilen Owganystanyň halkara we sebitleýin ykdysadyýete goşulmagyna eltjekdigini belläp: “Şeýlelik bilen hem içerki bazarymyz öser, hem-de ykdysadyýetimiz özgerer” diýdi.

Işewür adam Hajy Mustafa Kul bolsa: “Demir ýol liniýasynyň açylmagy importymyzy we eksportymyzy aňsatlaşdyrar. Pakistanyň üstünden örän kyn şertlerde önümlerimizi Ýewropa ýurtlaryna ugradýardyk. Mundan beýläk hem arzan hem-de gysga wagtda şol ýurtlara ugradyp bileris” diýdi.



Degişli Habarlar