Gazprom Türk Akymy taslamasynyň gurluşygynyň 2019-njy ýylda tamamlanyp biljekdigini belledi

Gazpromyň Ýerine ýetirjiler komitediniň başlygy Alekseý Miller Türk Akymy taslamasyndaky 2 turba geçirjiniň gurluşygynyň 2019-njy ýylda tamamlanyp biljekdigini habar berdi

596100
Gazprom Türk Akymy taslamasynyň gurluşygynyň 2019-njy ýylda tamamlanyp biljekdigini belledi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Moskwada duşuşan Miller Türk Akymy tebigy gaz turrba geçiriji taslamasy bilen baglanşykly maglumat berdi.

Türk Akymy taslamasynda gerek bolan gözlegler we gurluşyk işleri üçin rugsatlaryň alynandygyny ýatladan Miller taslamanyň çäginde guruljak 15,75 milliard kub metr göwrümli ilkinji turba geçirjiniň Türkiýe üçin niýetlenendigini, 2-nji turba geçirjiniň bolsa Ýewropadaky müşderiler üçin niýetlenendigini mälim etdi.

Türk Akymy tebigy gaz turba geçiriji taslama Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky hökümetara şertnama Stambul şäherinde 10-njy oktýabrda gol çekilipdi.



Degişli Habarlar