THÝ-nyň Baş müdür wezipesine Bilal Ekşi bellendi

Türk howa ýollary tarapyndan berilen beýanatda 11 ýyl bäri Baş müdür wezipesinde işleýän Temel Kotiliň ýerine Raýat awiasiýasynyň Baş müdüri Bilal Ekşiniň bellenendigi mälim edildi

594714
THÝ-nyň Baş müdür wezipesine Bilal Ekşi bellendi

Türk howa ýollarynyň Ýerine ýetirjiler geňeşi tarapyndan bellenen Bilal Ekşi 2003-nji ýylda THÝ-nyň Barlag sehleriniň başlygy wezipesinde işläpdi.

Ondan soň Ýer dolanşygyndan jogapkär Baş müdüriň orunbasary wezipesinde işlän Ekşi birnäçe wagt bolsa Kipr Türk howa ýollarynyň Baş müdüri bolup işläpdi.

Bilal Ekşi täze bellenen wezipesinden ozal bolsa Raýat awiasiýasynyň Baş müdüri bolup işläpdi.

THÝ-nyň Baş müdüri wezipesinden aýrylan Temel Kotil bolsa Türk awiasiýasy we älem senagaty korporasiýasy TUSAŞ-yň Baş müdüri wezipesine bellendi.



Degişli Habarlar