Türk firmalary Saud Arabystanynyň milli nebit-gaz firmasy bilen şertnama baglaşdy

Bütin dünýä energetika kongresi täze iş mümkinçiliklerini hem ýany bilen alyp geldi

587362
Türk  firmalary Saud Arabystanynyň milli nebit-gaz firmasy bilen şertnama baglaşdy

Stambulyň ýer eýeçiliginde geçirlen Bütin dünýä energetika kongresi täze iş mümkinçiliklerini hem ýany bilen alyp geldi.

Türkiýeli 18 firma Saud Arabystanynyň milli nebit-gaz firmasy bilen şertnama baglaşdy.

Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak bilen Saud Arabystanynyň Energetika ministri Halid Al Falihiň gatnaşmagyndaky gol çekişlik dabarasynda strategik hyzmatdaşlyga üns çekildi.

Ministr Berat Albaýrak şertnamalaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berjekdigini aýtdy.

Saud Arabystanynyň Energetika ministri Al Falih bolsa “Saudy 2030 maksatnamasynyň çägimde türk firmalary bilen birlikde işleşmek isleýäris” diýdi.

Al Falih Türkiýe bilen birlikde üçünji ýurtlarda hem işleşip biljekdiklerini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar