OPEC nebit öndürijiliginiň gündelik mukdaryny azaltmak barada karar kabul etdi

Nebit eksport edýän ýurtlar guramasy OPEC nebit öndürijiliginiň gündelik mukdaryny azaltmak barada karar kabul etdi

579227
OPEC nebit öndürijiliginiň gündelik mukdaryny azaltmak barada karar kabul etdi

OPEC-e agza ýurtlar nebit öndürijiliginiň gündelik mukdaryny 32,5 million berrel derejesine çenli azaltmak babatynda ylalaşdylar.

Ozalky mukdar bolsa 33,24 million barrel derejesindedi.

Eýran, Nigeriýa we Liwiýa içrki garjaşyklyk sebäpli bu karardan azat edildi.

OPEC-iň döwürleýin başlygy Muhammed Bin Salih As-Sade kabul edilen kararyň möhletiniň noýabr aýynda geçiriljek maslahatda mälim ediljekdigini habar berdi.  

Yragyň paýtagty Bagdatda 1960-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda geçirilen Bagdat konferensiýasynyň çäginde döredilen OPEC-iň 14 agzasy bar.



Degişli Habarlar