ABŞ Saud Arabystanyna 1 milliard 150 million dollarlyk ýarag satar

ABŞ-nyň Daşary işler ministrligi Saud Arabystanyna taňklary hem öz içine alýan 1 milliard 150 million dollarlyk ýarag satyşyny tassyklady

548916
ABŞ Saud Arabystanyna 1 milliard 150 million dollarlyk ýarag satar

ABŞ-nyň Goranmak howpsyzlygy hyzmatdaşlygy gullugyndan alynan maglumata görä 130-dan gowrak söweş taňky Abrahams bilen 20 sowutly halas ediş ulagy, köp mukdarda pulemýot we harby enjamlary öz içine alýan  1 milliard 150 million dollarlyk harby ýarag satuwyny ýurduň Daşary işler ministrliginiň tassyklandygyny habar berdi.

Strategik hyzmatdaşyň howpsyzlygyny artdyrmagyň ABŞ-nyň milli howpsyzlygyna goşant goşjakdygy bellenen beýanatda ýarag satuwynyň ABŞ-nyň Saud Arabystanynyň Gury ýer goşuny bilen hyzmatdaşlygyny artdyrjakdygy mälim edildi.

Beýanatda ABŞ-nyň Kongresiniň ýarag satuwy barada habardar edilendigi bellenen beýanatda ýarag satuwynyň we berilýän goldawyň sebitdäki harby deňagramlylygy üýtgetmejekdigi nygtaldy.



Degişli Habarlar