Katar bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

Şafi ýurdunyň Türkiýede maýa goýmagy üçin haýsydyr bir syýasy ýada ykdysady howpyň ýokdygyny aýtdy

547390
Katar bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

Kataryň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Salim Mübarek Al Şafi ýurdunyň Türkiýede maýa goýmagy üçin haýsydyr bir syýasy ýada ykdysady howpyň ýokdygyny aýtdy.

Şafi Anadoly habarlar gullugyna Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň Katar bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar hakynda beýanat berdi.

Kataryň Emiri Tamim bin Hamas Al Saniniň Prezident Erdogana wakanyň yzyna ýanyndan telefon edip saýlanan hökümete goldaw berýändigini beýan edendigini aýdan ilçi Şafi sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Iki ýurduň arasynda strategiýa taýdan ýakyndan gatnaşyk edilýär. Katar hökmünde Türkiýede maýa goýmak üçin hiç hili howply ýagdaý ýok. Ýakynda iki tararaply we sebitara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin resmi gepleşikler geçirler. Ykdysady taýdan edýän gatnaşyklarymyzy ösdürmek üçin uly tagalla edýäris”.

Şafi Kataryň Türkiýede energetika pudagynyň başda durmagynda birnäçe ugur boýunça uly maýa goýumlarynyň bardygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar