Türkiýäniň we ABŞ-nyň arasyndaky uçar gatnawlary ýaňadandan ýola goýuldy

ABŞ ozal şeýle hem Stambulda geljek islendik howa ýollary kärhanalarynyň hem ABŞ-nyň serhetleriniň çägine gonmagyny gadagan edipdi

532415
Türkiýäniň we ABŞ-nyň arasyndaky uçar gatnawlary ýaňadandan ýola goýuldy

 

Türk howa ýollary tarapyndan Fethullahçy terror guramasynyň agzalarynyň harby agdarlyşyk synanyşygyndan soň wagtlaýyn togtadylan ABŞ-Türkiýe uçar gatnawlary Stambul-Nýu-Ýork saparlary bilen ýaňadandan ýola goýuldy.

Atatürk howa menzilinden ABŞ-nyň Jon. F. Kennedi Halkara howa menziline uçar gatnawyny ýerine ýetirjek sapardan ozal resmiler  ýolagçylara gül desselerini we dürli-dürli sowgatlar berdiler.

Federal raýat awiasiýa federasiýasy 16-nji iýulda ikinji bir buýruga çenli ABŞ-nyň howa ýollary kärhanalaryna ABŞ-dan Stambula ýa-da Stambulda ABŞ-na uçar gatnawyny ýerine ýetirmegi gadagan edipdi.

ABŞ şeýle hem Stambulda geljek islendik howa ýollary kärhanalarynyň hem ABŞ-nyň serhetleriniň çägine gonmagyny gadagan edipdi.



Degişli Habarlar