Medwedew çarter saparlarynyň çözgüdi bilen baglanşykly beýanat berdi

Russiýanyň Premýer ministri Dmitriý Medwedew Türkiýä gitjek çarter uçarlar bilen baglanşykly meseleleriň çözgüdi üçin degişli guramalaryň tekliplerini 1 hepdäniň dowamynda hökümete hödürlemeklerini talap etdi

526088
Medwedew çarter saparlarynyň çözgüdi bilen baglanşykly beýanat berdi

Rus metbugaty tarapyndan berilen beýanatda Medwedewiň Türkiýä iberilmegi meýilleşdirilýän çarter uçarlary bilen baglanşykly meseleleriň çözgüdiniň ýola goýulmagy üçin ýurduň Transport, Medeniýet we Daşary işler ministrlikleri bilen degişli beýleki guramalara buýruk berendigi habar berildi.

Degişli guramalaryň 1 hepdäniň dowamynda Türkiýe çarter saparlarynyň ýaňadandan başlanmagy üçin gerek bolan teklipleri Russiýanyň hökümetine hödürlenmeldigi bellenýän beýanatda uçar saparlarynyň howpsyzlygy bilen baglanşykly goşmaça çäreleriň alynmalydygy hem nygtalýar.

Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin Türkiýe garşy girizilen syýahatçylyk petekleriniň satuwy we çarter saparlaryny öz içine alýan sanksiýalaryň aýrylmagy bilen baglanşykly karara 30-njy iýunda gol çekipdi.



Degişli Habarlar