Daşary söwda ýetmeçiligi azalýar

Türkiýäniň Hasabat guramasy maý aýynyň daşary söwda hasabatyny çap etdi

521762
Daşary söwda ýetmeçiligi azalýar

Hasabata görä eksport 9,6 göterim artp, 12 milliard 140 million dollara çenli ýokarlady.

Import bolsa 3,8 göterim azaldy.

Daşary söwda ýetmezçiligi maý aýynda hem azalmagyny dowam etdirdi.

Ýetmezçilik 25,5 göterim azalyp 5 milliard 54 million dollara çenli peseldi.

Ýewropa Bileleşigine edilýän eksport artdy.

Iň köp eksport edilen ýurtlar Britaniýa, Germaniýa, Eýran we Italiýa boldy.

Importda bolsa ilkinji orunda Hytaý gelýär.

Hasabat barada beýanat beren Galkynyş ministri Lütfi Elwan eksportyň soňky 12 ýylyň iň ýokary görkezijilerine eýe bolandygyny mälim etdi.

Elwan Russiýa we Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň hem eksporta öz täsirini ýetirjekdigini belledi.

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi bolsa ähli wakalara garamazdan şu ýylyň 5 aýyň 3 aýynyň eksportynyň artandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar